Eýrana degişli ýük gämisi batdy

Eýrana degişli ýük gämisi batdy

Eýranyň ýarym resmi Mehr habarlar agentliginiň habaryna görä, Portlar we Deňiz guramasynyň Deňiz howpsuzlygy we gorag bölüminiň müdüri Nasyr Pesende Eýrana degişli "Ara Bahter Yek" atly ýük gämsiniň Kuweýdiň suw giňişliginde batandygyny mälim etdi.

Wakanyň 1-nji sentýabrda başdan geçirilendigini aýdan Pesende, habar alynanyndan soň Kuweýdiň Deňiz gözleg we halas ediş operasiýa merkezi bilen aragatnaşyga geçendiklerini we gözleg we halas ediş operasiýasynyň başladylandygyny aýan etdi.

Pesende gämide Eýranyň we Hindistanyň raýatlary bolan 6 adamdan ybarat ekipažyň 3-siniň tapylandygyny, beýleki 3 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi
Peskow: "ABŞ ünsleri sowmaga synanyşýar" diýdi
Ermenistan Rus Serhetçilerini Ýurtdan Çykarar
Moskwadaky Hüjüm Bilen Bagly Derňew Işi Dowam Edyär
Peskow Günbatar Ýurtlaryna Degişli Gaýtawulyň Görkeziljekdigini Aýtdy