Eýran: "Ysraýylyň agressiýasyna degişli jogap bereris" diýdi

Eýran: "Ysraýylyň agressiýasyna degişli jogap bereris" diýdi

Eýranyň döwlet telewideniýe kanalynyň habar bermegine görä, Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan Tähranda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde çykyş etdi.

Çykyşynda, Ysraýylyň ýurduna guran hüjümleriniň üstünde durup geçen Pezeşkiýan: "Biz uruş islemeýäris, emma milletimiziň we ýurdumyzyň hukuklaryny gorarys. Sionist režimiň agressiýasyna degişli jogaby bereris" diýip habar berdi.

ABŞ-nyň Ysraýylyň sebitdäki agressiýasyny goldaýandygyna ünsleri çeken Pezeşkiýan, Ysraýylyň sebitdäki agressiýasy dowam eden halatynda dartgynlygyň ýaýbaňlanjakdygyny beýan etdi.

Pezeşkiyan, Günbatar ýurtlaryň liderleriniň Gazada Ysraýylyň agressiýasyny duruzjakdyklary barada wada berendiklerini, emma ýerine ýetirmändiklerini aýan etdi.

Ysraýyl Eýranyň 1-nji oktýabrdaky hüjümlerine jogap hökmünde 26-njy oktýabrda Eýrandaky harby nyşanalara hüjümler gurandyklaryny we hüjümleriň üstünlikli ýagdaýda tamamlanandygyny beýan etdi.

Hüjümlerde 4 esger bilen asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygy habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Siriýa Howa Hüjümini Gurady
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artýar
Hizbullah Ysraýylyň Demirgazygyna Hüjüm Gurady
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artýar
“Ysraýylyň Hüjümleri Bes Edilýänçä Halkara Derejesinde Çetleşdirilmegi Diýseň Möhüm”
Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 18 Adam Ýogaldy