Eýran Ysraýyla Raketa Hüjümini Guraýar

Eýran Ysraýyla Raketa Hüjümini Guraýar

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, Eýran tarapyndan Ysraýyla raketa atylandygy nygtaldy.

Raketalar sebäpli paýtagt Tel-Awiwiň başda durmagynda ýurduň çar tarapynda ýurduň çar tarapynda duýduryş berildi.

Ysraýyllylara duýduryşlara gulak asmaklary we howpsyz ýerlerde galmaklary üçin çagyryş berildi.

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýurda ýüzden gowrak raketanyň atylandygyny mälim etdi.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny bolsa “Ysraýyla onlarça raketa atdyk. Gaýtawul görkezilen halatynda ýene-de bir gezek nyşana alarys” diýip beýannama berdi.

Beýannamada, şu gün aşgam guralan hüjümiň Hamasyn lideri İsmail Haniýýeniň, Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallahyň we Eýranly general Abbas Nilfuraşanyň aryny almak maksady bilen guralandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň gullugynyň başlygy Günbatar Şerianyň uruş zolagyna öwrülendigini duýdurdy
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Hamas Ysraýyl bilen gepleşikleri palestinaly tussaglar boşadylýança bes etdi
Ýemendäki Husiler Ysraýyla Hüjüm Gurady
“ABŞ, Ysraýylyň Edýän Jenaýatlarynyň Şärigi”