Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy

Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy

Eýranyň Ysraýyla guran soňky hüjümi sebiti we dünýäni ýene-de bir gezek dartgynlaşdyrdy. Emma bu çaknyşygyň diňe bir harby taýdan sejerilmegi çäkli bolar. Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlyk global güýç dinamikalaryny, sebitleýin durnuksyzlygy we halkara diplomatiýany ugrukdyrýan çuňňur hem-de çylşyrymly gurluşa eýedir.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ysraýylyň Eýranyň konsullygyna guran hüjümi we oňa görkezilen gaýtawul diňe bir iki döwletiň arasyndaky gönüden çaknyşyk bolman, uly güýçleriň hem degişli bolan giň sahnasynyň bir bölegidir. ABŞ-nyň Ysraýyla beren goldawy, Eýran bilen bolan dartgynly gatnaşyklar we Russiýa bilen Hytaýyň sebitleýin syýasatlary bu çaknyşygyň köp taraply tebigatyny görkezýär.

Esasanda Eýranyň Ysraýyla garşy ulanan harby taktikalary we strategiýalary ýurduň sebitdäki güýç balansynda eýeleýan pozisiýasyny güýçlendirmegi maksat edinýär. Hüjümleriň utgaşykly we hasaply ýagdaýda guralmagy Eýranyň diňe bir harby güýç hökmünde däl, şol bir wagtda-da strategik taýdan hem ähmiýetini görkezýär.

Eýranyň gaýtawuly hökmünde guralan “Hakyky wada operasiýasy” Ysraýylyň howa goranyş ulgamlaryna uly garşy durma hökmünde häsýetlendirildi.Ysraýylyň Demir gümmez ýaly goranyş ulgamlary Eýranyň raketalar we dronlar bilen hüjümlerine garşy üstünlikli goranyşy amala aşyran hem bolsa, ol Ysraýylyň hemişe üstünlik gazanjakdygyny aňlatmaýar.

Hüjümiň gymmatynyň az, goranyşynyň bolsa ykdysady taýdan ýokary gymmatly bolmagy uzak möhletde söweşiň yzgiderliligini hem Ysraýyl üçin möhüm mesela öwürdi. Şol sebäpli Eýranyň hüjüm ukyby Ysraýyl we ýaranlary üçin yzgiderli howp faktory bolmagynda galýar.

Beýleki tarapdan Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşunynyň serkerdesi Hüseýin Salami beren beýannamasy Ysraýyl-Eýran harby çaknyşygyndaky adaty şablony hem üýtgedene meňzeýär.Salami Eýranyň Ysraýyla guran jogap operasiýasy bilen bilelikde täze bir şertiň ýüze çykandygyny nygtady.

Salami şol şertiň çäginde mundan beýläk Ysraýylyň Eýranyň bähbitlerine, emlaklerine, gullukçylaryna we raýatlaryna gurajak hüjümlerine gönüden Eýranyň çäklerinden gaýtawul görkeziljekdigini beýan etdi.

Ysraýylyň reaksiýasy bolsa halkara arenada ýeke hereket edip bilmejekdigini görkezýär.ABŞ-nyň sebitdäki pozisiýasy we goldawy, Ysraýylyň karar kabul ediş tapgyrlarynda kesgitleýiji rol oýnaýar.Bu ýagdaý, Ysraýylyň sebitleýin howpsuzlyk syýasatlaryny ugrukdyrýan bolsa, halkara diplomatiýa bolan garaşlylygyny hem ýüze çykarýar.

Bu çaknyşyk şol bir wagtda-da Ysraýylyň içinde-de dürli syýasy dinamikalary herekete geçirdi.Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň howpsuzlyk syýasatlary hem içeride hem-de daşarda tankyt edildi we durnuklylykdan daşdadygy subut edildi.

Ysraýylyň halk köpçüligi hökümetiň bu meseläni nähili ugrukdyrandygy meselesinde ikä bölündi.Kabirleri Eýrana has berk gaýtawul görkezilmelidigi pikir edýän bolsa, beýleki bir bölegi başlamagy ähtimal uly göwrümli söweşiň howplaryna ünsi çekýär.

Eýran üçin bu çaknyşyk diňe bir güýç görkezmekden ybarat däl. Şol bir wagtda-da strategik hasaplama hökmünde-de görülmeli.Eýran bu hüjümler bilen diňe bir Ysraýyla däl, sebitdäki we global derejedäki bäsdeşlerine hem ýüzlenme ugratdy.

Eýranyň öz milli howpsuzlyk bähbitlerini goramak we sebitleýin ýüzöwürdijiligini berçinleme maksadyna eýedigini äşgär etdi.Eýranyň harby ukybynyň we ygrarlylygynyň görkezijisi hökmünde-de analiz etmek mümkin.Eýran bu çemeleşmeler bilen sebitdäki we global güýçleriň garşysynda pozisiýasyny berkitmegi, şol bir wagtda-da içeri syýasatdaky güýjüni artdyrmagy nazarda tutýar.

Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky bu soňky çaknyşyk şol bir wagtda Ysraýylyň arap dünýäsi bilen bolan gatnaşyklaryna hem täsir ýetirýär. Ysraýyl Eýranyň hüjümlerine gaýtawul görkezýärkä arap ýurtlary bilen bolan ýaranlyklaryny goramaga üns berýär. Ol sebitdäki uzak möhletli strategik maksatlar hem-de ýaranlyklar taýdan Ysraýyl üçin möhüm deňagramlyk faktoruna öwrüldi.

Jemläp aýdanymyzda Eýran-Ysraýyl çaknyşygy ýer ýüzündäki harby hereketlerden has uly dartygyny aňladýar.Bu, sebitleýin we global güýçleriň arasyndaky gatnaşyklara, diplomatiýa we howpsuzlyk syýasatlaryna çuňňur täsir ýetirýän, dinamaki we köp taraply çaknyşyk bolmaga dowam eder.

Halkara jemgyýetçiligi şeýle çaknyşyklaryň diňe bir sebitleýin däl, şol bir wagtda-da global parahatçylyga we howpsuzlyga möhüm täsirleriniň bardygyny kabul edip, jogapkärçiligini hasam giňeltmeli we çözgüde esaslanýan çemeleşmeleri iş ýüzüne geçirmeli.

Eýran bilen Ysraýylyň arasynda dowam edip gelen çaknyşyk beýleki sebitleýin güýçleri umumy we bölünen bähbitleriň daşynda täze ýaranlyklar döretmäge gönükdirýär.Bu ýaranlyklar çaknyşygyň ugruny we halkara syýasatdaky seslenmelerini kesgitleýiji häsýete eýe bolup biler.

Ýene degişli makalalar

Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
Ysraýyl Gazanyň demirgazygyny bombalady, 8 palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Gazanyň Nusaýrat bosgun düşelgesinde azyndan 30 palestinalyny gyrdy
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gaza Guraýan Hüjümleri Dowam Etdirýär