Eýranly talyplar habarlar agentligi ISNA Ynkylap goragçylary goşuny tarapyndan berilen beýannamany çap etdi.
Beýannamada: "Düýn gije partlama sesiniň eşidilmegi we ýagty bir zadyň görülmegi goranmak ulgamyndaky synaglardan gözbaş alýar. Duşman tarapyndan hüjümiň guralandygy we türgenleşigiň geçirilendigi baradaky öňe sürmeler hakykata bap gelmeýär" diýip habar berildi.
Yspyhan şäherinde ýary gije partlamanyň sesi eşidilipdi we sosial ulgamlarda partlamanyň hüjümiň netijesinde bolandygy öňe sürülüpdi.
Şäheriň demirgazygyndaky Natanz etrabynda uran baýlaşdyrma desgasy, şäheriň günorta-gündogaryndaky Ruşendeşt obasynyň golaýynda bolsa urana öwürmek desgasy bar.