Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasyr Kenani, ýewropalylaryň ýadro ylalaşygy üçin konstruktiw bir ýol kartasyny durmuşa geçirmelidiklerini, geçmişidäki ýalňyşlaryny düzeltmelidiklerini we ylalaşygyň öňüni açmaga synanyşmalydyklaryny habar berdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasyr Kenani, paýtagt Tähran şäherindäki Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi.
Kenani Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň ýurdunyň Halkara Atom energiýa agentligi bilen baglanşykly pozisiýalarynyň gepleşiklere howp salýandygy baradaky umumy jarnamalarynyň ýalňyşdygyny we ýalňyş wagtda berilendigini beýan etdi.
Häzirki gepleşikler tapgyrynda Eýranyň ylalaşyga gelmek üçin her dürli tagallany edýändigini öňe süren Kenani, Günbataryň konstruktiw çemeleşmegine garaşýandyklaryny belledi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasyr Kenani, Halkara Atom energiýa agentliginiň gaýtalanýan habarnamalaryna görä Eýranyň ýadro işleriniň parahatçylyklydygyny subut edendigini belläp, Ýewropanyň 3 ýurdunyň Wena gepleşikleri bilen bagly beýanatlarynyň ýalňyşdygyny nygtady.
Ýewropalylaryň konstruktiw bir ýol kartasyny durmuşa geçirmelidiklerini aýdan Kenani: "Ýewropalylar geçmişidäki ýalňyşlaryny düzeltmeli we ylalaşygyň öňüni açmaga synanyşmalydyrlar" diýip belledi.