Eýran, ABŞ-na we Britaniýa degişli harby uçarlaryň Ýemene guran howa hüjümini ýazgardy.
Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasyr Kenani, mesele hakynda ýazmaça beýannama berdi.
Kenani, “ABŞ bilen Britaniýanyň Ýemende birnäçe şäherde guran howa hüjümini berk ýazgarýarys” diýdi.
Kenani hüjümi, Ýemeniň özygtyýarlygynyň, bitewiliginiň we halkara kanunlaryň basgylanmagy hökmünde häsiýetlendirdi.
Nasyr Kenani, hüjümiň sebitiň durnuksyzlygyna we howpsuzlygyna zeper ýetirip biljekdigini ýatlatdy.
ABŞ-na we Britaniýa degişli harby uçarlar düýn gije Ýemeniň paýtagty Sana, Hudeýde we Tais şäherlerinde birnäçe ýere howa hüjümini gurapdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden bilen Britaniýanyň Premýer-ministri Sunak, Gyzyl deňizdäki hüjümlere garşy amerikan we iňlis goşunlarynyň Ýemende Husilere degişli käbir ýerleri nyşana alandygyny mälim edipdi.