Resmi Tähran, Russiýanyň Ukrainada Eýran önümi kamikaze dronlary ulanýandygy hakyndaky günäkärlemeleriň hakykaty beýan etmeýändigini ýene-de bir gezek nygtap, ýalňyş garaýyşlaryň ortadan aýrylmagy üçin Ukraina bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny habar berdi.
Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” beýan etmegine görä Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Naser Kenani Ukrainadaky söweşde ulanmak üçin Tährandan uçarmansyz howa ulaglary bilen bilelikde Russiýa ýarag ugradylandygy hakyndaky habarlara ýene-de bir gezek reaksiýa bildirdi.
Şol habarlaryň syýasy maksatlar bilen Eýrana garşy ýurtlaryň media organlary tarapyndan çykarylýandygyna ünsi çeken Kenani; “Biz bu düşnüşmezlikleriň ortadan aýrylmagy üçin Ukraina bilen gepleşik geçirmäge taýýar” diýdi.
Resmi Tähranyň ozaldan bäri çaknyşyga we söweşe garşy durýandygyny beýan edendigini ýatladan Kenani, Eýranyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda döwletleriň terroritorial bitewiligine sarpa goýulmagynyň tarapynda durýandygyny nygtady.