Eýran: Türkmensähra türkmenlerini koronawirus heläk edýär

Eýranyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän Gülistan we Mazenderan welaýatlarynda ýagny taryhy ady bilen Türkmensähra sebitinde köpçülik bolup ýaşaýan türkmenler soňky günlerde koronawirusdan köp ýitgi çekmäge başlady.

Ýerli çeşmeleriň “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryna beren maglumatlaryndan çen tutulanda, soňky 10 güniň dowamynda koronawirus zerarly 50-den köp türkmen ölüpdir.

“Birnäçe günlükde koronawirusdan ölenleriň arasynda Türkmensähranyň aýdym-saz geňeşiniň başlygy Behruz Sakgallynyň aýaly we gaýyn enesi hem bar.

Diňe sebitiň merkezi bolan Gümmet-kowus şäherinde günde birnäçe türkmen koronawirusdan aradan çykýar.

Soňky hepde keselhanalarda ýer galmansoň hassalara seretmek üçin amatly ýapyk stadionlarda we üsti ýapyk giň jaýlarda medisina hyzmatyny berip başladylar” – diýip, merkezde ýaşaýan bir türkmen habarçymyza aýtdy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, koronawirus Nowruz baýramyndan soň gaýtadan möwjäpdir we çet obalara çenli baryp ýetipdir. Munda şondan soň ýygjamlanan toý-dabaralarda, sadakalarda we özara gelim-gidimlerde adamlaryň seresaply hereket etmezligi esasy roly oýnapdyr.

Saglygy saklaýyş işgärleri maý aýynda koronawirusyň hasam mowjemegi bilen hepdeläp arakesmesiz işlemeli bolupdyrlar. Işgär ýetmänsoň tölegli kömekçi tutupdyrlar. Pandemiýanyň beterleşmegi sebäpli üznüksiz gije-gündiz işlemeli bolan saglygy saklaýyş işgärleriniň we kömekçileriniň arasynda bu keselden ölýänleri köpeldipdir.

“Magtymgulynyň mazarynyň töweregindäki türkmen obalary we şol sanda Marwadepe şäheri (etrapçasy) ýaly ýerlerde keselhana ýok. Şol sebäpden kesele ýoluganlar bejergi almak üçin sebitiň merkezine çenli 200km ýaly diýseň uzaga gitmeli bolýarlar. Oňa her kimiň gurby hem çatanok” – diýip, Aktokaýly ýaşaýjylar TH-ň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu maglumaty Gümmet-kowus şäherindäki bir hassahanada işleýän türkmen hekimi hem tassyklady.

“Keselhanada ýatmak, bejergi almak we doly gözegçilikden geçmek raýatlar üçin mugt. Koronawirus ýokuşan adamy habar berseň tiz kömek ulagy gelip alyp gidýär. Merkezi ýerlerde isleg bildirilende öýleri we köçeleri wirusa garşy arassalaýyş işlerini geçirýärler.

Ýöne bu ýerde esasy kynçylyk derman serişdeleriniň ýetersizligi we tapylaýsa-da juda gymmatlygy. Alynýan aýlyklar 190 amerikan dollaryna barabar. Ýöne sanjymlary diňe erkin bazar nyrhyndan tapyp bolýar we oňa hem şol aýlyk ýetenok.

Eýranyň hökümeti elinden gelenini edýär. Emma, daşary ýurtlar medisina serişdelerine embargo goýany üçin gytçykyk bar we bir-iki ýarym tapylaýsa-da paýtagtdan juda uzak türkmen ilatly ýerlere baryp ýetenok” – diýip, türkmen hekimi gürrüň berdi.

“Bu sapar keseliň ikinji tapgyry depgin taýdan baş alyp çykar ýaly däl.Türkmen ilatly ýerlerden iň agyr ejir çekýäni Gümmet-kowus, Kelala we Marawadepe şäherleri.

Nowruzdan owal diňe esasy şäherlere wehim salan koronawirus indi çet obalara çenli ýaýrady.Häzir howp taýdan şäherler bilen obalar deňleşdi.Gynansakda häzir bu kesel Türkmensährany durşy bilen tutdy we barha köpelýär ölümler halky howsala düşürýär.

Eýrandaky türkmenler şu wagt gaty agyr günleri başdan geçirýär.Halkara guramalar ynsanperwerlik kömegini ýetirip bilse gowy bolardy ” – diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir türkmen resmi aýtdy.

Beýleki tarapdan, “infoabad.com” neşiri Eýranda 7-nji iýulda Covid-19 zerarly aradan çykanlaryň san taýdan rekordy täzelendigini habar berdi. Şonda Eýrandaky türkmenleriň ýaşaýan sebitlerini wehim salýan birinji toparda däl-de, “biynjalyk edýän” ikinji toparda görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Lebapda häkimiýetleriň yzarlamalaryndan soň, juma namazyna barýan adamlar azaldy
Golf oýnasyn Gurbanguly (Okyjylaryň döredijiliginden)
Türkmenistanda ýene-de sakgala garşy söweş güýçlenýär
Türkmen ilçisi gyzlaryň jinsi geýmegini, oglanlaryň sakgal goýbermegini gadagan etdi
Türkmen polisiýasy sakgal goýberen ýaş raýatlaryň sakgalyny syrýar
2022- türkmen zenanlarynyň gysaç astyna düşen ýyly