Eýran türkmenleriniň ýer meseleleri bilen bagly arz-şikaýatlarynyň netijeleri

Eýran türkmenleriniň ýer meseleleri bilen bagly arz-şikaýatlarynyň netijeleri

Azatlyk Radiosy 16-njy dekabrda Eýranyň Gülistan welaýatynyň Ýolme Handan obasynda ýaşaýan etniki türkmenleriň öri meýdanlaryň eýeçiligi boýunça duçar bolan meseleleri barada habar berdi.

Eýran türkmenleri özleriniň ýerleriniň, öri meýdanlarynyň ellerinden alynýandygyny, ol ýerlerde täze şäher-gurluşyk taslamalarynyň meýilleşdirilýändigini gürrüň berdiler.

Bu mesele etniki türkmenleriň pars dilli internet neşirlerinde hem giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu aralykda, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi penşenbe güni, 21-nji dekabrda etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan sebitleri bolan Gülistan welaýatyna sapar etdi.

Bu iş saparynyň öň ýany, etniki türkmenler dürli Internet çeşmelerinde özleriniň duçar bolan problemalary barada käbir meseleleri gozgadylar.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany eýran türkmenleriniň ýer meseleleri bilen bagly seslenmelerine ser aýlaýar. Gepleşigimize Türkiýede ýaşaýan asly türkmensähraly intelligensiýa wekili Abdyrahman Düýeji gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Eýran türkmenleri özleriniň öri meýdanlarynyň ellerinden alynýandygyny aýdýar
Türkmensährada bolan çaknyşyk eýran türkmenleriniň halyndan habar berýär
Dünýä Türkmenleri: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär (2-nji bölüm)
Bahtiýar Wahabzade
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Täze jaýlar Daşoguzyň ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstüni ýetirerler