Eýran türkmenleri 'türkmen lideriniň' Tähran saparyndan teselli tapmady

Eýran türkmenleri 'türkmen lideriniň' Tähran saparyndan teselli tapmady

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 30-31-nji maýda iş sapary bilen Tähranda boldy.

Iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, duşuşyklarda ýokary derejeli türkmen we eýran resmileri syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny maslahat etdi.

Taraplar energetika, daşary syýasat, gümrük gullugy, lukmançylyk we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi.

Eýranda iki milliondan gowrak etniki türkmen ýaşaýar. Ýöne, media maglumatlaryndan çen tutulsa, Türkmenistanda “türkmen halkynyň milli lideri” yglan edilen Berdimuhamedow Tährana amala aşyran saparynyň dowamynda Eýranyň türkmen ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri bilen gyzyklanmady.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan eýran türkmenleriniň sözlerine görä, ýurtda ýaşaýan etniki türkmenler ýyllarboýy özleriniň medeni hukuklarynyň basgylanmagyndan, ykdysady erkinlikleriniň çäklendirilmeginden ejir çekýärler.

Etniki türkmenleri bir döwür hatda täze doglan çagalaryna türkmen adam atlaryny dakmakdan hem mahrum edildi.Eýran häkimiýetleri türkmen ilatly sebitleriň demografik gurluşyny bilkastlaýyn üýtgetmäge synanyşmakda, başga milletleriň wekillerini türkmenleriň ýaşaýan sebitlerine göçürip getirmekde, türkmenleriň ýerlerini zor bilen ellerinden almakda tankyt edildi.

Etniki türkmenler öz ene dillerini öwrenmek we öwretmek babatda çäklendirildi, türkmen dilinde çap edilýän neşirleriň ygtyýarnamalarynyň ýatyrylan halatlary boldy.

Ýöne türkmen lideri Eýrana amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen azlyklarynyň ýaşaýan sebitlerine baryp, eýran türkmenleri bilen duşuşyp bilmedi.

Ýene degişli makalalar

Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýar
Abdyrahman Düýeji: Türkmensähra asyrlarboýy türkmenleriň mekan tutan taryhy mesgeni boldy
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär
Talyban’ astyndaky durmuş: Etniki türkmenleriň Koştepa kanaly bilen bagly gorkulary we umytlary
Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär: Türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypa açylýarmy?