Eýran türkmenleri özleriniň öri meýdanlarynyň ellerinden alynýandygyny aýdýar

Eýran türkmenleri özleriniň öri meýdanlarynyň ellerinden alynýandygyny aýdýar

Eýran türkmenleriniň wekilleri Demirgazyk Eýranda türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan sebitleriniň bir bolan Gülistan welaýatynyň Ak gala şäheriniň eteginde ýerleşýän Ýolme Handan obasynda ýerli ýaşaýjylaryň ýerleriniň ellerinden alynýandygyny aýdýarlar. Bu barada Türkiýede ýaşaýan asly türkmensähraly intelligensiýa wekilli Abdyrahman Düýeji eýran türkmenleriniň birnäçe wekiline salgylanyp, 14-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýer meselesi etniki türkmenleriň pars dilinde ýöredýän internet neşirlerinde hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

Eýran türkmenleriniň sözlerine görä, Ak galanyň etegindäki öri meýdanlarynda täze şäher-gurluşyk taslamalary meýilleşdirilýär.

Etniki türkmenler Eýranyň türkmen ilatly sebitlerini Türkmensähra atlandyrýarlar.

Ýolme Handan obasy Ak gala şäherinden 5 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýär. Eýranda 2006-njy ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, bu ilatly nokatda aglabasy etniki türkmenlerden ybarat 200 çemesi maşgala ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy Türkiýede ýaşaýan asly türkmensähraly intelligensiýa wekili Abdyrahman Düýeji bilen eýran türkmenleriniň arasynda ýüze çykan ýer meselesi barada söhbetdeşlik geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmensährada bolan çaknyşyk eýran türkmenleriniň halyndan habar berýär
Eýran türkmenleriniň ýer meseleleri bilen bagly arz-şikaýatlarynyň netijeleri
Berdimuhamedowyň Tähran saparynyň fonunda, eýran türkmenleri özlerine arka çykylmaýandygyny aýdýar
Dünýä Türkmenleri: Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär (2-nji bölüm)
Türkmen döwleti 100 ýaşady
Türkiýäniň Söwda ministri Yrakda saparda bolýar