Eýran Türkmenistanyň islendik pudakdaky taslamalaryny doly maliýeleşdirmegi teklip edýär

Eýran Türkmenistanyň islendik pudakdaky taslamalaryny doly maliýeleşdirmegi teklip edýär

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl ozal iberilen tebigy gaz üçin Eýranyň Türkmenistana 2 milliard dollar bergisi galypdy. Häzirki wagtda Eýranyň öňdebaryjy gaz kompaniýasy bolan NIGC türkmen tarapyna bergini doly ýa-da bölekleýin tölemek üçin islendik pudakdaky taslamalary doly maliýeleşdirmegi teklip edýär.

Bu barada NIGC-iň golçur kärhanasy bolan Eýranyň gaz inženerçilik we ösüş kompaniýasynyň (IGEDC) dolandyryjy müdiri we geňeş başlygy Reza Nowşadi 2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, Eýran taslama başlandan tä tamamlanýança ony maliýeleşdirmegi, taslamagy, onuň gurluşygyna we ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edip biler.

Bergi meselesini çözmek boýunça eýýäm hökümet derejesinde gepleşikler alnyp barylýar diýip, Reza Nowşadi mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Mary: býujet edaralarynda öz islegi bilen işden çykýan köpelýär
Serdar Berdimuhamedow bergiler babatdaky borçnamalar meselelerine üns bermegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi
Tbiliside Türkmen kinosynyň günleri badalga aldy
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň maslahaty bolar
Dekabr aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?