Eýran dawany Halkara arbitraž sudunda çözmek üçin, gaz ibermegini kesendigi sebäpli, Türkmenistanyň garşysyna dokumentlerini taýýarlady. “Tansim” habar gullugy muny Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) başlygy Hamid Reza Arakä (fotosuratda) salgylanyp habar berdi.
Eýran Türkmenistanyň garşysyna üç ugur boýunça aýyp bildirýär: Eýrana iberilýän gazy nyrhy boýunça; gyş wagtynda gaz ibermegi kesmek bilen eýran tarapyna ýetirilen zyýan boýunça; şeýle-de gazyň hiliniň kanagatlanarsyzlygy boýunça.
Araki Eýranyň dokumentleri arbitraž suduna tabşyrmaga taýýardygyny we bu barada türkmen tarapyna habar berendigini aýtdy. Şol bir wagtda eýran tarapy eger-de EMGK we “Türkmengaz” özara ylalaşyga gelse, şikaýat işini togtatmaga taýýar.
Ýatladýarys, 2016-njy ýylyň aýagynda, “Türkmengaz” EMGK-dan $1,8 milliard möçberindäki bergisini tölemegi talap edeninden soň, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda galmagal turdy.
Eýran metbugatynda habar berilmegine görä, uzaga çeken gepleşiklerden soň özara ylalaşyga gelindi.Emma muňa garamazdan, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýrana gaz ibermegini bes etdi.