Eýran Türkmenistandan balykçylaryň öldürilmeginiň sebäbini sorady

Eýran Türkmenistandan Kaspi deňzinde bolan waka boýunça haýal etmezden düşündirş bermegini sorady. Türkmen serhetçileri Hazar deňzinde Eýranyň balykçy gämisini oka tutup, gämidäki dört balykçydan ikisini öldürdiler. Bu barada Eýranyň Iran Daily neşiri habar berýär.

Eýranyň DIM-niň weklili Bahram Kasseminiň (Bahram Qassemi) dördünji gün aýdan sözlerine görä, Eýran graždan gämisini oka tutan türkmen serhetçileriniň agressiw hereketleri zerarly protest bildirýär. Onuň tassyklamagyna görä, eýran tarapy bu waka bolanyndan soň derhal türkmen häkimiýetlerine nota iberip, düşündiriş talap etdi.

“Hatda balykçylar Türkmenistanyň serhetlerine golaýlaşan hem bolsalar, halkara tejribesine laýyklykda, patrul gämileri düzgün bozujylary öz territorial suwlaryndan kuwup çykaryp bilerdiler” diýip, Kasemi aýtdy.

Ýatladýarys, 20-nji mart agşamy türkmen serhetçileri Türkmenistanyň territorial suwlaryna giren balykçy gämisini oka tutup, eýran balykçylarynyň iki sanysyny öldürdiler. Olaryň ýene iki sanysy tussag edildi.

Bu wakadan bir gün öň, 19-nji martda eýran mediasy Eýranyň prezidenti Hassan Ruhaniniň 27-nji martda Türkmenistana resmi saparynyň planlaşdyrlandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Eýran Gürgende türkmen önümleriniň sergisini geçirmegi maslahatlaşdylar
Eýranyň işewürleri “Abadan haly” AGPJ-niň haly toplumyna baryp gördüler
Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
Magdançylyk pudagynda Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak
Eýran, Günbatar Aziýa sebitinde saglyk pudagynda iň güýçli ýurtdyr
"Mukamlar köşgünde" Aşgabatdan Pariže aýdym-saz "syýahaty" boldy
Wenesuela sanjym öndürmekde Eýranyň tejribesini ulanmagy haýyş edýär