Eýran Türkmenistana söwda wekilini iberer

Eýran Türkmenistana söwda wekilini iberer

Eýran Yslam Respublikasy ýakyn dört aýyň içinde Türkmenistana söwda wekilini iberer. Bu barada Eýranyň Söwdany goldamak guramasynyň (The Trade Promotion Organization of Iran TPOI) başlygy Mehdi Zeýgami mälim etdi diýip, Tasnim habar berýär.

Mehdi Zeýgaminiň aýtmagyna görä, Türkmenistana Eýranyň söwda wekiliniň iberilmegi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.

Iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek barada giňişleýin resminama işlenip taýýarlanylar diýip, Mehdi Zeýgami sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 500 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. 2023-nji ýylda bu görkezijiniň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 17 — 19-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisinde umumy bahasy 1 milliard amerikan dollaryna golaý bolan birnäçe resminama gol çekilipdi.

Ýene degişli makalalar

Abbas Aragçi Eýranyň täze daşary işler ministri bolup biler
Raisi: Eýranyň howpsuzlygy we abraýy halkyň berk durmagyna bagly
Eýran Russiýadan günde 9 million kubmetr tebigy gazy import eder
Eýranda ýer titreme boldy
Gurban Berdiýewiň Eýranly kluba ýolbaşçylyk etmegi ähtimal
Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner