Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär

Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär

Sarahs serhedinden (türkmen-eýran serhedi) Eýranyň çägine — Bandar-Abbasa çenli demir ýollary arkaly daşalýan ýükleriniň menzile gowşurylmagy üçin 3-5 gün gerek bolýar diýip, Mehr habarlar gullugy Eýran Yslam Respublikasynyň Demirýollarynyň Baş müdiri Miad Salehiniň Tähranda deňiz ykdysadyýeti boýunça geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp, habar berdi.

Salehi öz çykyşynda Eýranyň ykdysadyýeti üçin demirýol gatnawyň we üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti barada aýdyp, Sarahs — Inçe-burun iki demirýol serhedini mysal hökmünde getirdi we ýükleriň bu serhetler arkaly Hytaýa we Russiýa ibermek mümkinçilikleriniň ulydygyny belledi. Şeýle hem ol halkara ýük gatnawlarynda arzanladyşlaryň ulanyljakdygyny we içerki ýüklere aýratyn amatlylyklaryň göz öňüne tutuljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Eýran bilen Türkmenistan giňişleýin ulag resminamasyny taýýarlaýarlar
Eýranda 4 Metjit Oda Berildi
Türkmenistan Eýrana günlik 10 million kubmetr gaz eksportyny synagdan geçirdi
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran geçelgesiniň ösdürilmegi ylalaşyldy
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen