Eýran Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyny 15 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär

Eýran Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyny 15 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär

Eýran Türkmenistan bilen gaz çalşygy boýunça swop görnüşli hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär. Şunuň bilen baglylykda, Eýran goňşy ýurtlaryna — Azerbaýjana, Yraga, Türkiýä we Ermenistana tebigy gazy eksport etmek üçin täze mümkinçilikleri gözleýär. Bu barada Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) wekili Muhammet Reza Joulaý mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda eýran tarapy Yraga (günlük 10 million kub metr), Türkiýä (30 million kub metr), Azerbaýjana (günlük 7 million kub metr) we Ermenistana (günlük 1 million kub metr) tebigy gazy eksport etmek üçin täze ugurlary kesgitledi.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň başynda bäri Türkmenistanyň üçtaraplaýyn swop şertnama boýunça Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gazyň eskportyny ýola goýdy. Şertnama laýyklykda, Eýran Azerbaýjanyň Astara sebitini gaz bilen üpjün etmek üçin Türkmenistandan (Sarahs şäheri) her ýylda 3-4 milliard kub metre çenli tebigy gazy import edýär. Şeýlelik bilen, Eýran ýurduň içindäki gaz gorlaryndan gaz uzakda ýerleşýän Rezawi, Demirgazyk we Günorta Horasan, Gülüstan we Semnan welaýatlarynyň gaz üpjünçilik meselesini çözýär.

Häzirki wagtda Eýran Türkmenistan bilen gaz çalşygyny ýylda 15 milliard kub metre çenli ýokarlandyrmaga taýýardygyny belleýär. Mundan başga-da, Türkiýe, Ermenistan we Yrak ýaly ýurtlar hem türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegiň bu mümkinçiligini öwrenýärler.

Ýene degişli makalalar

Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi
Türkmen telekeçileri we işewürleri eýranda saparda boldular
Türkmenistan Eýran bilen sebitara gatnaşyklary pugtalandyrýar
Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler
Eýranyň energetika ministri Aşgabatdaky serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazyna