Eýran Türkmenistan bilen gaz dawasyny sudsuz çözmäge razy bolýar

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) direktory Hamid Reza Araki türkmen gazynyň Eýrana eksport edilmegini dikeltmek meselesine sud seljerişligini goşmazdan çözmeklige taýýardygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň “Financial tribune” gazeti habar berýär.

“Gaz dawasy boýunça gepleşikler dowam edýär… Biz problemany dialog arkaly çözmeklige umyt baglaýarys” diýip, Araki aýtdy.

“Eýranyň Türkmenistanyň garşysyna sud şikaýatyny dikeltmegi üçin entek wagty bar, emma, meniň pikirimçe, islendik meselede gepleşikler arkaly ylalaşylyp bilner” diýip, Araki sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýatladýarys, 2016-njy ýylyň aýagynda, “Türkmengaz” EMGK-dan $1,8 milliard möçberinde bergisini tölemegini talap edenden soň, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz dawasy turdy.

Eýran metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar uzaga çeken gepleşiklerden soň özara ylalaşyga geldiler.Emma, muňa garamazdan, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Eýrana gaz ibermegini bes etdi.

27-nji maýda eýran metbugaty EMGK-nyň zerur dokumentleri taýýarlandygyny we eger-de taraplar özara ylalaşyga gelmeseler, bu dawany sud seljerişligine çykarmak haýbatyny atýandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran eksport-importynyň mukdary 1 million tonnadan geçdi
Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy
Ýaponiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasynda harby hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk baglaşylar
Ilon Mask Twittere ýolbaşçy boldy
Beýik Britaniýa daşary ýurtly işçileri çekmek üçin wiza talaplaryny gowşadyp biler
Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär
Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy