Eýran Täze Prezidentini Saýlamak Üçin 28-nji Iýunda Saýlaw Geçirer

Eýran Täze Prezidentini Saýlamak Üçin 28-nji Iýunda Saýlaw Geçirer

Dik uçar heläkçiliginde ýogalan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisinin ýerine wagtlaýynça bellenen birinji orunbasary Muhammed Muhbir prezident saýlawynyň 28-nji iýunda geçiriljekdigini beýan etdi.

Eýranyň resmi habarlar gullugy İRNA-nyň habar bermegine görä prezidentiň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Muhammed Muhbir, Mejlisiň Başlygy Muhammed Bakyr Kalibaf we Ýokary kazyýetiň Başlygy Gulamhüseýn Mužsin Ežei bilen prezident saýlawy hakynda duşuşyk geçirdi.

Duşuşykdan soň berilen beýannamada saýlawyň 28-njji iýunda geçiriljekdigi beýan edildi.

Prezident saýlawynda dalaşgär bolmak isleýänler 30-nji maý bilen 3-nji iýunyň aralygynda degişli ýüztutmalary ederler.

Saýlawyň tanyşdyryş işleri hem 12-nji iýundan 27-nji iýuna çenli geçiriler.

Eýranda prezidentler 6 sanysy hukukçy 6 sanysy din alymy 12 agzaly Konstitutsiýany goraýjylar geňeşiniň tassyklan dalaşgärleriniň arasyndan halk tarapyndan saýlanýar.

Prezident Raisi öňňin Eýran-Azerbaýjan serhedinde suw bendiniň açylyş dabarasyndan dolanyp gelýarkä Daşary işler ministri Abdullahiýan we beýleki resmi adamlar bilen dik uçar heläkçiligine uçrap, ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Halky 9-njy Prezidentini Saýlamak Üçin Ses Berýär
Pezeşkian kasam kabul etdi
15-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň indiki garşydaşy Indoneziýa 9:0 hasabynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi
Aýbek Tatanow: Merw ýeňşi janköýerleri bilen bile gazandy