Eýran Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky (HŞG) borçlary hakyndaky Ähtnama gol çekdi, şonuň bilen birlikde bu ýurduň gurama agza bolmagyna ýol açyldy diýip, penşenbe güni Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Ýusup Kabuljanow Interfaksa habar berdi.
Resminama Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Çžan Min bilen Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan gol çekdi diýip, Kabuljanow habar berdi. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Çžan Min bu günki gün Eýran üçinem, gurama üçinem wajyp gün diýip, žurnalistleriň öňünde belledi. “Eýranyň agza-ýurtlaryň toparyna girmegi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny berkider” diýip, ol aýtdy.
Eýrany gurama kabul etmeklik 2021-nji ýylyň sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Duşenbede geçen sammitinde başlandy.