Eýran polipropilene 20% eksport paçlaryny salmagy meýilleşdirýär

Eýran polipropilene 20% eksport paçlaryny salmagy meýilleşdirýär

Eýranyň hökümeti köp sanly nebithimiýa önümlerine we şol sanda polipropilene (PP) 20% eksport paçlaryny salmagy teklip etdi. ICIS himiýa önümlerini seljerýän halkara analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Russiýanyň polimer bazaryny seljerýän “Market Report” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.

Täze giriziljek paçlar nebithimiýa önümleriniň içerki satuwyny höweslendirmek üçin diňe nebithimiýa öndürijilerine degişli bolar. Emma bu paçlar Eýranyň işewürlerine degişli bolmaz.

20% möçberinde eksport pajynyň salynmagy teklip edilýän beýleki nebithimiýa önümleriniň hataryna winil hlorid, polietilen tereftalatyň (PET) we etilen glikoluň käbir görnüşleri girýär.

Eger-de täze düzgünler kabul edilen ýagdaýynda, olar Nowruz baýramy ýa-da Eýranyň Täze ýyl baýramyndan soňra, ýagny şu ýylyň 22-nji martyndan güýje girer.

Ýerli nebithimiýa bazaryndaky esasy uly kompaniýalar we işewürler bu ýagdaýa dürli nukdaýnazardan garaýarlar. Olaryň bir bölegi azda-kemde käbir tapawudyň boljakdygyna we beýleki bölegi bolsa täze giriziljek eksport pajynyň Eýranyň nebithimiýa bazaryna zyýan ýetirip biljekdigine ynanýarlar.

Ýerli nebithimiýa öndürijisi bu ýagdaýyň eksportyň depginini peseltjekdigini belledi.

Polipropilen Eýranyň nebithimiýa eksportynyň esasy bölegi däldir. Ýerli bazardaky esasy uly kompaniýalar we işewürler köp mukdarda polietileni daşary ýurt bazarlaryna eksport etýärler.

Ýene degişli makalalar

Rowachpack polipropilen haltalary obasenagat toplumynda uly islegden peýdalanýar
Beg ýüpek Özbegistana köp tarly polipropilen ýüplük önümleriniň nobatdaky tapgyryny iberdi
“Bagtyýar gurluşyk” polipropilen ýüplükleriniň eksportyny ýola goýmakçy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Gazhimiýa pudagy ösüş ýolunda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi