13-nji maýda Aşgabatda Eýranyň DIM-niň başlygy Mohammad Jawad Zarif öz türkmen kärdeşi Reşit Meredow we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, taraplar duşuşykda transport pudagyny we ýangyç-energetika toplumynda, ýurtlaryň “çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de örän uly tebigy serişdeleriniň bolmagy bilen giň mümkinçiliklere eýe bolan pudagynda” mundan beýläk hem özara hyzmatdaşlyk etmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Eýranyň “Mehr” neşiriniň maglumatyna görä, gepleşikleriň netijesinde söwda we ykdysadyýet problemalaryny çözmekde düýpli öňegidişlik gazanyldy.
Bellemek gerek, Zarifiň Türkmenistana saparyndan birnäçe gün öň Eýranyň Pakistanyň üstünden Halkara arbitražyna şikaýat bilen ýüz tutandygy mälim boldy.
Tähran Eýrandan çekilmeli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň gurlup başlanmagynyň gijikdirilmeginden nägile bolýar.Bu gaz geçirijisi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisine alternatiwa bolup durýar.Ozal Pakistanyň täze saýlanan premýer-ministri Eýran-Pakistan gaz geçiriji taslamasyny dikeltmek niýetini bildirdi, emma häzir ýurduň ýolbaşçylary Eýrana garşy sanksiýalaryň dikeldilmegi bilen baglylykda mümkin bolan netijelerden howatyr edýärler.
Ýatladýarys, Türkmenistan bilen Eýranyň aarsyndaky gaz dawasy henize-bu güne çenli çözülmän galýar. 2018-nji ýylyň awgust aýynyň ortasynda “Türkmengaz” Halkara arbitraža EMGK-nyň üstünden ýazylan şikaýat bilen ýüz tutdy. 2018-nji ýylyň oktýabrynda eýran tarapynyň hem Türkmenistanyň garşsyna Halkara arbitražyna garşylykly şikýat arzasyny berendigi mälim boldy.
Eýranyň DIM-niň başlygy Mohammad Jawad Zarif