Eýran Pakistana elektrik togunyň ýerine tüwi çalşygyny teklip etdi

Eýran Pakistana elektrik togunyň ýerine tüwi çalşygyny teklip etdi

Eýran ýaňy-ýakynda kuwwatly elektrik togunyň kesilmegi bilen kynçylyk çeken Pakistana elektrik togunyň ýerine tüwi çalşygyny teklip etdi.

Eýran döwletine degişli bolan Press teleýaýlymynyň habaryna görä, Eýranyň söwda ministri Ali Ryza Razm Hüseýni Yslamabada elektrik üpjünçiligine derek tüwi çalşygyny ýola goýmaklygy teklip edendiklerini we Pakistan Hökümetiniň jogabyna garaşýandyklaryny aýtdy.

Independent Türkçe-niň habaryna görä bolsa, Hüseýni bilen telefonda gürleşen Pakistanyň Premýer-ministri Imran Hanyň söwda we maýa goýum pudagyndaky geňeşçisi Abdulrezak Dawud öz ýurdunyň her ýyl elektrik togy üçin Eýrana bir million tonna tüwi iberip biljekdigini aýdypdyr.

Birnäçe wagt ozal Pakistanda elektrik togunyň kesilmegi köp şäheri garaňkylyga saldy. Milli elektrik kompaniýasyndaky näsazlyklar sebäpli elektrik togunyň kesilendigini habar beren Hökümet şu gün näsazlyklaryň hepdäniň başynda düzedilendigini-de habar berdi.

Eýranyň elektrik togunyň ýerine tüwi çalşygyny ýola goýmaklyk baradaky teklibi kabul edilen halatynda, bu babatdaky şertnama Tähranda geçiriljek Eýran-Pakistan bilelikdäki söwda komitetiniň mejlisinde gol çekilip bilner.

Pakistanda tüwi eksportçylary Hökümeti birnäçe wagtdan bäri Eýranyň elektrik togunyň ýerine tüwi çalşygyny ýola goýmaklyk baradaky teklibini durmuşa geçirmäge çagyrýarlar.

Pakistanyň käbir resmileri-de Eýranyň elektrik togunyň ýerine tüwi çalşygyny ýola goýmaklyk baradaky teklibini goldaýarlar. Ýöne, Eýranyň käbir resmileriniň gymmatly elektrik önümçiligini Pakistan bilen söwda alyş-çalyş guralynyň (mehanizminiň) çägine goşmaklyk islemeýändigi aýdylýar

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly talyp Türki halklaryň iň gowy talyby diýen ada mynasyp boldy
Gazhimiýa zawodynyň döwrebap önümleri
Türkmenistan we Pakistan ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Ildeşimiz Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy