Eýran Makran kenarynda port gurmagy meýilleşdirýär

Eýran Makran kenarynda port gurmagy meýilleşdirýär

Eýran Yslam Respublikasy günorta-gündogar Sistan we Bulujystan welaýatlarynda ýerleşýän Makran kenarynda 200 million tonna ýük göterijilik kuwwaty bolan port gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada TDH şenbe güni “IRAN.ru” web sahypasyna salgylanyp habar berdi.

Port we deňiz guramasynyň (PMO) ýolbaşçysy Mohammad Rastadyň aýtmagyna görä, “PMO”-nyň gün tertibi birnäçe möhüm resminamalaryň we taslamalaryň tassyklanmagyny öz içine alyp, olaryň biri ýurtda kiçi portlary gurmak üçin giňişleýin meýilnama bolup, 15 ýylyň dowamynda üç tapgyrda durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

“PMO” möhüm we uly çäräniň bir bölegi hökmünde ýurduň esasy söwda portlarynyň geçiş ukybyny on ýylyň dowamynda 300 million tonnadan 600 million tonna çenli ýokarlandyrmalydyr diýip, Rastad aýtdy.

Makran kenarynda portuň gurulmagy, edaranyň gün tertibine 2025-nji ýylda tamamlanjak ýurduň esasy söwda portlaryny ösdürmek boýunça giňişleýin meýilnamasy durmuşa geçirilenden soň giriziler.

Ýene degişli makalalar

Ukrainada Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ WE RF-NYŇ ARASYNDA MALIÝE MESELELERI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Dünýäniň iň güýçli smartfony hödürlendi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar
27.09.2020 | Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar