Eýran ilkinji “Simurg” superkompýuterini hödürledi

Eýran ilkinji “Simurg” superkompýuterini hödürledi

Eýran mifik pars guşunyň hormatyna atlandyrylan “Simurg” superkompýuterini hödürledi. Bu kompýuter Amir Kabir adyndaky Tähran tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzüldi. Bu barada vz.ru habar berýär.

Ulgamyň öndürijiligi häzirlikçe 0,56 petaflopsa ýetýär, işläp düzüjiler iki aýyň dowamynda kompýuteriň kuwwatynyň bir petaflopsa ýetmegine garaşýarlar. Şeýle-de, eýran alymlary häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan ýeňil kysymly raketa göterijisine hem “Simurg” adyny berdiler.

Bu Eýran tarapyndan işlenip düzülen we işe girizilen ikinji raketa göterijisidir.Eýran superkompýuterleri döretmegiň üstünde 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär, ilkinji modeller barada heniz 2000-nji ýyllaryň başynda habar berildi.

Belläp geçsek, dünýädäki superkompýuterler 1 petaflops öndürijiligine 2008-nji ýylda ýetdiler. Şonda şeýle görkezijini IBM Roadrunner ulgamy görkezdi. 2020-nji ýylyň iň öndürijilikli superkompýuteri Ýaponiýada işleýän Fugaku-dyr.Onuň öndürijiligi 442,01 petaflopsa ýetýär, ol ABŞ-da işleýän ozalky rekord eýesi Summit-den üç esse kuwwatly.

Mart aýynda ol doly güýjünde işläp başlady.Kompýuter koronawirus boýunça barlaglarda ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

IBM-iň ilkinji mikrokompýuteri
Kompýuter 40 ýaşady
Superkompýuterde Hytaý öňde
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl
Tehnologiýanyň taryhyndan Ýan kompýuter