Eýranyň daşary işler ministriniň wekili Ali Bakyri paýtagt Tähranda daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatik wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Ali Bakyri ol ýerde Hamasyň lideri Ismail Heniýä geçen hepde ýurduň paýtagty Tähran şäherinde guralan hüjümlerden soň başdan geçirilen hadysalaryň üstünde durup geçdi.
Ol hüjümiň palestinalylara garşy "genosid taslamasynyň" bir bölegidigini aýdan Bakyri: "Şübhesiz Eýran bu jenaýatyň jogapkäriniň basyp alyşlyk astyndaky Palestina topraklaryny dolandyrýan jenaýatçylykly ulgamdygyny (Ysraýyl) pikir edýär" diýip habar berdi.
Ysraýylyň Gaza başda bolmak bilen sebitdäki hüjümlerine ünsleri çeken we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň şol hüjümleri duruzmak babatyndaky jogapkärçiligini ýerine ýetirmäýdigini aýdan Bakyri: "Hereketsizlik jenaýatçyny has howply ýagdaýa getirýär. Birnäçe wagt soň jenaýadyň we erbetligiň adaty ýagdaýa gelmegine sebäp döredýär" diýip mälim etdi.
Bakyri: "Ismail Heniýä garşy ähtiýalanlyk bilen guralan hüjüm, eden-etdilik bilen adam öldürmegiň we adam hukuklarynyň gödek düzgün bozulmagynyň aýdyň mysalydyr. Bular ýaly agressiýa jogapsyz galmaz. Eýranyň reaksiýasy çürt-kesik bolar" diýip habar berdi.