Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde eýran harytlarynyň ýöriteleşdirilen Iran Project sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Muny Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.
Sergide tehniki we inženerçilik hyzmatlary, şeýle hem gurluşyk materiallary, binagärlik, nebithimiýa, nebit, gaz we energetika pudaklary görkeziler diýip, diplomat 20-nji noýabra Aşgabatda açylan Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergide aýtdy.
Şeýle hem ilçi oktýabr aýynda Aşgabatda 17-nji bilelikdäki Türkmen-Eýran hyzmatdaşlyk komissiýasynyň geçiriljekdigini belledi. Çeşmäniň habaryna görä, oňa Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaşiniň gatnaşmagyna garaşylýar.