Eýran Günbataryň Sanksiýalaryny Ýazgardy

Eýran Günbataryň Sanksiýalaryny Ýazgardy

Eýran Russiýa ballistiki raketa berendikleri we 1-nji oktýabrda Ysraýyla guran raketa hüjümleri sebäpli ÝB hem-de Britaniýa tarapyndan girizilen goşmaça sanksiýalary “kanuna laýyk däl” diýip, häsýetlendirdi we ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Ismail Bakaýi beren ýazmaça beýannamasynda ýurdunyň Russiýa ballistiki raketa satandygy hakynda habarlaryň nädogrydygyny we ÝB bilen Britaniýanyň sanksiýalaryny ýazgarýandyklaryny mälim etdi.

Eýranyň Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky urşa garşydygyny we diplomatik çözgüt üçin çagyryş edendigini nygtan Bakaýi, Russiýa ýaly başga ýurtlawr bilen goranyş pudagynda edýän hyzmatdaşlyklarynyň üçünji taraplara garşy däldigini öňe sürdi.

Bakaýi ÝB bilen Britaniýanyň Eýrana garşy sanksiýalaryny “nähak” we “hukuga garşy” diýip, häsýetlendirip, adybir ýurtlaryň Gaza bilen Liwanda genosid we harby jenaýatlar edýän Ysraýyla ýarag goldawyny berip, şol jenaýatlara şärik bolandygyny beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Ismail Bakaýi ÝB-niň Eýranyň raýat awiasiýasy pudagyna girizen sanksiýalarynyň bolsa “halkara hukugy aça-açan bozmakdygyny” beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy
Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy
Eýranyň Daşary Işler Ministri Liwana Bardy
Ýaralanan Ysraýylly Esgerleriň Sany 4 Müň 881-e Ýetdi
Prezident Erdogan "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi