Eýran, Günbatar Aziýa sebitinde saglyk pudagynda iň güýçli ýurtdyr

Eýran, Günbatar Aziýa sebitinde saglyk pudagynda iň güýçli ýurtdyr

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri: Eýran Yslam Respublikasy, Günbatar Aziýa sebitinde saglyk pudagynda iň güýçli ýurtdyr diýdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Bahram Ainollahi" sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Korona garşy dünýäde iň üstünlikli ýurtlardan biridigini aýtmak bilen şübhesiz Günbatar Aziýa sebitinde saglyk pudagynda iň güýçli ýurt Eýran Yslam Respublikasydyr diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri şeýle hem Eýrana garşy sanksiýalaryň Eýranda korona garşy göreşiň öňüni alyp bilmejekdigini ýa-da haýalladyp bilmejekdigini aýtmak bilen korona wirusy epidemiýasy wagtynda Eýranyň hassahanalarynyň köpüsiniň kuwwaty dolydy, derman serişdelerine we medisina enjamlaryna garşy sanksiýalara sezewar bolduk we ulumsy režimiň eýran halkyna namartlyk hereket edendigini taryh ýazar diýip beýan etdi.

Ainollahi geçen hepde Şweýsariýada geçirilen Bütindünýä saglyk ýygnagyna salgylanyp, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işgärleri we dürli ýurtlaryň saglyk ministrleri bilen geçirilen duşuşyklarymyzda olaryň hemmesi Eýran Yslam Respublikasynyň beýikligini we güýjüni ykrar etdiler diýip sözlerine goşdy.

Ýene degişli makalalar

Eýran, Harby Türgenleşik Geçirýär
Eýranda polisiýa merkezine hüjüm guraldy
Eýranda Ruhanyny Öldürendigi Sebäpli Bir Adam Dara Çekildi
“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”
Eýranda tokaý ýangynlary başdan geçirilýär
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçiriler
Eýran: "ABŞ ýaraşyk isleýändigi baradaky ýüzlenmesini bize ýetirdi" diýdi