Eýran goňşy döwletler üçin wiza düzgünini ýatyrmagy meýilleşdirýär

Eýran goňşy döwletler üçin wiza düzgünini ýatyrmagy meýilleşdirýär

Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatolla Zargami ýurduň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde goňşy döwletler üçin wiza düzgünini aradan aýyrmak ugrunda işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi diýip, “IRNA” habarlar agentligi penşenbe güni habar berdi.

“Biz goňşy ýurtlar bilen wiza düzgünini aradan aýyrmak boýunça yzygiderli iş alyp barýarys. Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň hasabyna, syýahatçylyk üçin her gün täze mümkinçilikler açylýar” diýip, ministr belledi.

“Tehran Times” neşiriniň anna güni habar bermegine görä, Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministrligi Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda 60 ýurt üçin serhet düzgünlerini ýeňilleşdirmäge we birtaraplaýyn wiza talaplaryny aradan aýyrmaga gönükdirilen strategiýany işläp taýýarlaýar.

Ministr Ezatolla Zargami bu strategiýanyň çäklerinde, daşary döwletlerden köpsanly syýahatçylary çekmek maksady bilen musulman we goňşy ýurtlar üçin birtaraplaýyn wiza düzgünini aradan aýyrmak teklip edilýär.

Eýran Yslam Respublikasy bazarlar, muzeýler, metjitler, köprüler, hammamlar, medreseler, zyýarat edilýän ýerler, ybadathanalar, diňler we köşkler ýaly dürli syýahatçylyk desgalaryndan girdeji gazanmagy maksat edinýär. Şeýle taryhy desgalaryň 27-si ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.

Ýene degişli makalalar

Putin göni ýaýlymda metbugat duşuşygyny geçirdi
Eýranda Kazylaryň Janyna Kast Edildi
Eýrandan Ýewropa Uçar Saparlary Başlar
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Eýranda bir esger 5 gullukdaşyny öldürdi
Eýranyň nebit ministri Türkmenistanda saparda bolýar
Eýran, “Sebitdäki Terror we Içaly Merkezlerini” Nyşana Aldy