Eýran: "Fransiýa zorlugy bes etmeli" diýdi

Eýran: "Fransiýa zorlugy bes etmeli" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasyr Kenani mesele bilen bagly beren beýanatynda: "Fransuz polisiýasynyň protestlerde aşa güýç ulanmagy, şol ýurduň hökümediniň demokratiýa we söz azatlygy ýörelgelerine bagly däldiginiň görkezijisidir" diýip belledi.

Resmi Pariže adam hukuklary babatynda iki standartdan we meseläni gurallaşdyrmakdan ýüz öwürmäge çagyrandyklaryny aýdan Kenani: "Fransiýa protestlere garşy zorlugy bes etmelidir" diýip nygtady.

Fransiýada hökümediň hormatly dynç alyşa çykjak adamlaryň ýaşyny ýene-de 2 ýyl artdyrýan kanun taslamasyny referendum geçirmeden mejlisden geçirmek barada karar kabul etmeginden soň 16-njy martda başlan we düýn hem dowam eden protestlerde howpsuzlyk güýçleri aşa güýç ulandy.

Pariž, Marsel, Bordo, Nant we Amýen şäherleri başda bolmak bilen ýurduň ençeme şäherinde geçirilýän protestlerde protestçiler bilen polisiýa işgärleriniň arasynda dartgynlyklar başdan geçirildi.

Protestlerde häzirki wagta çenli 500-den gowrak protestçiniň göz tussaglygyna alynandygy, protestçileriň 283-siniň birnäçe wagt soň azat edilendigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýadaky protestler dowam edýär
Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär
Fransiýadaky protestler dowam edýär
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Ýaponiýa Demirgazyk Koreýany Protest Etdi
Londonda Ysraýyla Garşy Protest Geçirildi