Eýran Ermenistany goldady

Eýran Ermenistany goldady

Eýranyň Ermenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mehdi Sobhani, Ermenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Armen Grigorýan bilen geçiren duşuşygynda, halkara serhetleriň üýtegwsizligi we goňşy ýurtlaryň territorial bütewiligine goldaw bermek babatynda Eýranyň tutumyny tassyklady.

Ermenistanyň metbugatyna görä, Eýranyň Ermenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mehdi Sobhani sebitdäki geosyýasy statusyň üýtgedilmegi bilen bagly islendik başlangyja garşydyklaryny beýan etdi.

Armen Grigorýan Eýranyň ilçisine Eýranyň çürt kesik tutumy üçin minnetdarlyk bildirdi we Ermenistanyň Eýran bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini, hiç bir güýjüň Ermenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşygyny goparyp bilmejekdigini belledi.

Eýran ozal bolsa, Russiýany Ermenistanyň çäginden geçjek Azerbaýjan bilen Nahiçewanyň arasyndaky Zengezur koridoryny emele getirmek pikirini goldaýandygy üçin tankyt edipdi.

Eýranyň daşary işler ministri Said Abbas Erakçi: "Demirgazyk, günorta, gündogar ýa-da günbatar goňşularymyzyň territorial bütewiligine garşy islendik howp ýa-da serhetleriň ýaňadandan kesgitlenmegi bilen bagly başlangyçlary çürt kesik kabul etmeris we Eýran tarapyndan soňky çägimizdir" diýip belläpdi.

Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyrylan Russiýanyň Tährandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Dedowa Russiýa Federasiýasynyň tutumyna nägilelik bildirildi. Tähran bu koridoryň emele getirilmegini ýurdy izolirlemek we Eýranyň Ýewropa we dünýäniň beýleki ýerleri bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmegini çäklendirmegine getirer diýip hasaplaýar.

Russiýa, Azerbaýjan we Ermenistan tarapyndan 2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda gol çekilen üç taraplaýyn bilelikdäki beýannamada üstünde durulyp geçilen Zengezur koridory taraplaryň arasynda jedelleşikli mesele bolup galýar. Ýakyn wagtda Baku we Ýeriwan Zengezur koridory maddasyny parahatçylyk ylalaşygyndan çykaryp, gepleşikler geçirmek babatynda ylalaşyga gelipdiler, emma Sergeý Lawrowyň beýanatyndan soň koridoryň emele getirilmegi meselesi ýaňadandan gün tertibe gelipdi.

Ýene degişli makalalar

Ermenistan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjana ugratdy
Ermenistan Rus Serhetçileriniň Işiniň Bes Edilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar
Ermenistanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Baş Sekretary Armen Grigorýan Eýranda Saparda Boldy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar