Gaaga giden Eýranyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary, himiki ýaraglary gadagan etmek guramasynyň baş müdiri "Fernando Arias" bilen bolan duşuşygynda dünýädäki himiki ýaraglaryň ähli görnüşleriniň doly ýok edilmegini nygtady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, bu duşuşykda Reza Najafi iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugurlary barada pikir alyşanda, ABŞ-nyň birtaraplaýyn rehimsiz sanksiýalarynyň Eýranyň himiki weteranlarynyň saglygyna we bejergisine edýän täsirini düşündirdi we Baş müdirden bolsa, himiki weteranlaryň gyssagly lukmançylyk zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin öz güýjüni sarp etmegini isledi.
Nejafi şeýle-de häzirki zaman taryhynda Eýranyň himiki ýaraglaryň iň uly pidasydygyny ýatlamak bilen, himiki ýarag ammarlarynyň ähli görnüşlerini doly ýok etmezden we konwensiýadan daşyndakylaryň oňa goşulmazdan himiki ýarag konwensiýasynyň maksatlaryna ýetilmejekdigini aýtdy.