Eýran dokuz sany nebithimiýa kärhanasyny gurmagy meýilleşdirýär

Eýran dokuz sany nebithimiýa kärhanasyny gurmagy meýilleşdirýär

Eýranyň “Persian Gulf Petrochemical Industries” (PGPIC) kompaniýasy ýurduň Çabahar, Jask, Sirik, Parsian, Naýband, Assaluýe, Daştestan, Genaweh, Deýlam, Omidiýeh şäherlerinde, şol sanda Arwand erkin ykdysady zolagynda jemi dokuz sany nebithimiýa kärhanasyny gurar.

“Tasnim News” gazetiniň ýekşenbe güni habar bermegine görä, bu ägirt uly başlangyç Eýranyň nebithimiýa senagatyny ösdürmäge gönükdirilip, munuň üçin 5,5 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa gerek bolar.

Kompaniýanyň Baş direktory Abdolali Aliaskari Eýranda dokuz sany nebithimiýa kärhanasynyň gurulmagynyň netijesinde ýurduň öňünde uly ykdysady girdejileriň açyljakdygyny belledi.Bu kärhanalar bir ýylda 4,65 million tonna nebithimiýa önümlerini öndürip, olardan 6,9 milliard ABŞ dollary möçberinde girdeji almaga şert döreder.

Mundan daşary, bu taslamalar müňlerçe adamy iş bilen üpjün eder.Bu kärhanalaryň gurluşyk döwründe 12 müň 885 adam zähmet çeker, işe girizilenden soň bolsa, ýene 71 müňe golaý iş orny dörediler.

“Persian Gulf Petrochemical Industries” kompaniýasy ýyllyk önümçiligini 9,5 göterim artdyryp, şu ýyl 23,2 million tonna önüm öndürdi we bu babatda iň ýokary görkezijä ýetmegi başardy.

Aliaskari kompaniýanyň başga-da birnäçe üstünlikleri barada durup geçdi. Şolaryň hatarynda şu ýyl Pars aýlagynda “Hoveyzeh” nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ulanyşa berilmegi, Gaçsaran şäherinde olefin öndürýän kärhananyň durmuşa geçirilmegi aýratyn görkezildi.

“Persian Gulf Petrochemical Industries” kompaniýasy tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodlara, himiýa, nebit we polimer kärhanalaryna maýa goýmak we dolandyrmak işi bilen meşgullanýan Eýranyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýasydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Bahreýn bilelikdäki nebit-gaz taslamalary mümkinçiligini maslahatlaşýar
Türkmenistana Bahreýniň patyşasy sapar eder
16.03.2019 | Türkmenistan Ýakyn Gündogar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär
Türkmenistan Ýakyn Gündogar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär
Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri ÝET, syýahatçylyk we “Altyn asyr” köli barada maslahat etdiler
18.03.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi