Eýran Yslam Respublikasy 2029-njy ýyldan başlap, milli agrosenagat kärhanalaryna degişli bolan daşary ýurtlardaky ekin meýdanlaryny 2 million gektara çenli artdyrmakçy. Bu barada ýurduň oba hojalyk ministri Reza Fotuhi habar berdi diýip, TV BRICS teleýaýlymyna salgylanýan Belta.by ýazýar.
Azyk howpsuzlygy boýunça döwlet maksatnamasyna laýyklykda,Tähran 2031-nji ýyldan başlap, azyk önümleriniň 10 million tonnasyny import etmäge mejbur bolar. Häzirki wagtda Eýranyň önü öndürijileri daşary ýurtlarda 228 müň gektar ýeri işleýärler.
Ministr eýran kompaniýalarynyň Braziliýada işleýän mekgejöwen ekin meýdanlarynyň 50 müň gektara ýetendigini belledi. Yslam Respublikasy şeýle-de Gazagystanda arpanyň, ýag alynýan ekinleriň hem-de soýanyň önümçiligi üçin maýa goýdy. Belarusda we Russiýada birnäçe taslamalar ösdürilýär.
Soňky ýyllarda Eýran azyk önümlerine islegiň artmagy we howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, oba hojalyk önümçiligini artdyrmak barada maksatnamalary işläp düzdi.