Eýranyň Daşary işler ministrliginiň internet sahypasyndan berilen beýannamada, sanksiýa kararynyn degişli edaralaryň tassyknamasyna we deň hukuklylyk kadasyna laýyklykda kabul edilendigi bellenilýär.
Beýannamada sanksiýanyň sebäpleriniň arasynda “terrorizmi we terror toparlaryny goldamak, Eýranyň halkyna garşy terror aksiýalaryna we güýç ulanmaga meçew bermek, Eýranyň içeri işlerine goşulyşmak, Eýran hakynda nädogry we ýalňş maglumatlary ýaýratmak bilen ýurda goýulýan sanksiýalaryň giňeldilmegine goşant goşmak” ýaly hususlar bar.
Beýannamada şol 13 gurama we 23 adama goýulan sanksiýalaryň “wyza gadagançylygyny, Eýrana gelmekleriniň gadagan edilmegini we Eýrandaky emläkleriniň döwlet haýryna geçirilmegini öz içine alýandygy” habar berilýär.
Sanksiýalara degişli bolan guramalaryň sanawynda; “NATO-nuň Ýewropa Ýaranlygynyň Ýokary Serkerdeligi, Nemes goşunlarynyň Milli serkerdeligi we Umumy kosmos operasiýalary bölümi, nemes ýarag firmasy “Maffei Wegmann Kraus” atly guramalar bilen edaralar bar.