Türkmenistanyň we Eýranyň telekeçileri 17-18-nji iýun aralygynda Eýranyň Maşat şäherinde ýerleşýän Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy edarasynda geçirilen “Eýranyň we Türkmenistanyň eksport we söwda mümkinçilikleri” atly maslahatynda özara söwda mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada “Tahlilbazaar” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
Iki gün dowam eden işewürlik maslahatyna Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri, Horasan Razawi welaýatynyň resmileri, eýran-türkmen bilelikdäki söwda edarasynyň başlygy Mohammed Nejad, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, şeýle hem Eýranyň işewür we söwda guramalarynyň agzalary gatnaşdy.
Ilçi Golam Abbas Arbab Hales Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki ykdysady komissiýanyň 17-nji mejlisiniň indiki aý Aşgabatda geçiriljekdigini habar berdi. Bilelikdäki komissiýanyň mejlisinden soň Horasan Razawi welaýatynyň häkimi Yaghob-Ali Nazariniň Türkmenistana gelmegine garaşylýar.
Maslahatyň dowamynda Horasan Razawi welaýatynyň Senagat, magdan we söwda boýunça baş müdiri Amirreza Rajabi Eýranyň öňki senenamasy boýunça 1401-nji ýylda (2023-nji ýylyň 20-nji martynda tamamlandy) Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň umumy mukdarynyň takmynan 500 million ABŞ dollaryna deň bolup, onuň 33 göteriminiň Horasan Razawi welaýatyna degişlidigini aýtdy.
Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsuly Ylýas Gaýypow Türkmenistan bilen Eýranyň Horasan Razawi, Demirgazyk Horasan we Gülüstan ýaly goňşy welaýatlarynyň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekdi. Şeýle hem Baş konsul Türkmenistan bilen üç serhet geçelgesi bolan Horasan Razawi welaýatynyň Eýranyň Merkezi Aziýa derwezesi bolup hyzmat edýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, Ylýas Gaýypow iki ýurduň resmileriniň saparlary netijesinde Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ýokarlanjakdygyna we giňeljekdigine umyt bildirdi.
Eýran tarapy Türkmenistanda bilelikdäki oba hojalyk fermasyny döretmek we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan birnäçe teklipleri hödürledi. Bu nukdaýnazardan, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Eýranyň arasyndaky üstaşyr meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljak we bu ugurda hususy pudagyň mümkinçiliklerine esaslanýan täze bilelikdäki resminama taýýarlanyljak duşuşygyň ähmiýetine ünsi çekdiler.