Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi iki ýurduň arasyndaky söwdanyň artýandygyny habar berdi.
Eýranyň Razawi Horasan welaýaty, demirgazyk we demirgazyk-gündogardan Türkmenistan bilen 531 km araçäkde ýerleşýär, bu serhet Goçan, Dargz(Deregez), Kalat, Sarahs we Salehabad şäherlerinde ýerleşýär.
Türkmenistan bilen Eýranyň dört umumy serhet geçelgesi bar, şol sanda Sarahs, Lotfabad we Bajgiran geçelgeleri (üçüsi hem Razawi Horasanda) we Inçe Burun (Golestanda) we iki ýurduň arasyndaky demirýol we ýol arkaly esasy söwda gatnawy Sarahs, Inçeburun we Lotfabad geçelgelerinden amala aşyryklýar.
Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Golamabas Arbab Halis, IRNA habar gullugy bilen söhbetdeşlikde Eýranyň 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen söwdasy 227 million dollar boldy we bu mukdar diňe 2022-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda 233 million dollara ýetdi bu bolsa iki ýurdyň sňwdasynyň göze ilerli ösendigini görkezýär diýdi.
Bajgiran serhet bazarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Maşada giden Arbab Halis sözüniň dowamynda Goňşulary bilen işjeň ykdysady diplomatiýa, şol sanda Eýranyň Türkmenistan hökümeti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin alyp barýan diplomatik edaralarynyň dürli tagallalary iki ýurdyň söwsda gatnaşyklarynyň badalga almagyna şert döredendir diýdi.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Sarahs demir ýol serhedi hem aýratyn şertlerde açyldy diýip sözüne goşdy.