Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr tarifleriň nyrhlaryny arzanlatmak barada ylalaşdy

Eýran Türkmenistan bilen üstaşyr tarifleriň nyrhlaryny arzanlatmak barada ylalaşdy we ýurtlaryň arasynda ýük daşamagyň tertibini ýönekeýleşdirmek boýunça işini dowam etdirýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS habarlar agentliginiň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy.

— Häzirki wagtda türkmen kärdeşlerimiz bilen gepleşik geçirýäris we oňyn netijeler gazanýarys. Indi ýurtlarymyzdan üçünji ýurtlara üstaşyr gatnawlary artdyrmak üçin üstaşyr tarifleriň nyrhlaryny arzanlatdyk — diýip, ilçi aýtdy.

Şeýle hem, Eýranyň Özbegistan bilen şunuň ýaly gepleşikler geçirýändigini aýtdy. Özbegistanyň Transport ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Eýranyň ýol we şäher ösüş ministrliginiň wekilleri 31-nji iýulda Özbegistan, Türkmenistan we Eýran arasynda halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky resminama taýýarlamak bilen bagly duşuşyk geçirdiler.

Ýene degişli makalalar

Masud Pezeşkiýan Eýranyň Prezidentiniň kasamyny kabul etdi
Häkimiýet baştutanlary: Duşmanlar bitewi Eýrany öz bähbitlerine howp hökmünde görýärler
Türkmen-eýran söwda dolnyşygy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda artdy
Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda artdyrylýar
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing