Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr nyrhnamalary peseltmek we iki ýurduň arasynda ýük daşamak amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça tagallalaryny dowam etdirmek barada ylalaşyk gazandy. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň beren interwýusyna salgylanyp, TASS agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
Ilçi Eýranyň häzirki wagtda türkmen kärdeşleri bilen gepleşik geçirýändigini we bu gepleşikleriň oňyn netije berýändigini tassyklady.Şeýle hem Golam Abbas Arbab Hales Eýranyň iki ýurduň üsti bilen üçünji ýurtlara ýük daşamalary höweslendirmek üçin üstaşyr nyrhnamalary peseldendigini belledi.
Habarda bellenilişi ýaly, iki ýurdyň arasynda geçirilýän gepleşikleriň çäginde Türkmenistan we Eýran ýurtlaryň dürli kanunçylygy we gümrük amallary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin iş alyp barýarlar.
Ozal Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Eýranyň “Vision Global Terminal” kompaniýasynyň we Özbegistanyň “Uzbekiston temir yullari” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.