Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasyr Kenani, sebitde ýerleşýän ýurtlaryň Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň ýaňadandan başlamagyna kanagatlanma bildirendigini aýtdy.
Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Kenani metbugata beren beýannamasynda, Saud Arabystany bilen ýurdunyň arasynda gazanylan ylalaşyk hakynda durup geçdi.
Kenani “Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda gazanylan ylalaşyk sebit ýurtlarynda kanagatlanma döretdi” diýdi.
Saud Arabystanyndan ýörite wekiliýetiň şenbe güni Eýrana gelendigini ýatladan Kenani, “Şol wekiliýet, Tährandaky ilçihananyň we Maşad şäherindäki Başkonsullygyň ýaňadandan açylmagy işleri bilen gyzyklanýar” diýip belledi.
Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan, 6-njy aprelde Hytaýyň paýtagty Pekinde duşuşupdy we iki ýurduň ilçihanalarynyň ýaňadan açylmagy, iki ýurduň arasynda uçar saparlarynyň başlamagy we wiza ýeňilligi ýaly ugurlarda ylalaşyk gazanypdy.
Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda 7 ýyl soň daşary işler ministrleri derejesinde geçirlen ilkinji resmi duşuşykdan soň çap edilen bilelikdäki jarnamada, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygy nygtalypdy.