Eýran bilen işleşýän telekeçilere walýuta konwertasiýasyny gadagan etdiler

Türkmenistanda Eýrandan ýa-da Eýranyň üstünden haryt getireýän orta we kiçi telekeçiler üçin walýuta konwertasiýasyny bes etdiler. Ozal telekeçilere aýda bir gezek bank hasaplaryndaky serişdeleriniň 2 prosentine çenli resmi kurs boýunça walýuta öwürmek rugsady berilýärdi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, bank işgärleri bu girizilen gadaganlygyň, hamala, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň noýabrda Eýrana garşy girizen sanksiýalary bilen baglydygyny aýdýarlar.

Emma telekeçiler bu çäräni Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz dawasy bilen baglanyşdyrýarlar.

Konwertasiýanyň bes edilendigi telekeçilere duýdurdylmady. Telekeçiler muny diňe soňundan, ýanwa aýynda bilip galdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda mal we towuk etleri gymmatlady
24.09.2019 | Türkmenistanyň bank ulgamy elektron tölegleriniň täze görnüşlerini ornaşdyrýar
Prezident manady güýçlendirmegi tabşyrdy. Türkmen studentleri öz hasaplaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýär
MHM-niň tussag edilen ýokary wezipeli işgäriniň soraga çekilende ölendigi öňe sürülýär
Türkmen telekeçilerine konwertasiýa çäklendirildi
 Alkogolsyz içgileriň bahasy gymmatlady