Eýran bilen Bahreýn 8 ýyl soň diplomatik gatnaşyklaryň gaýtadan başlamagy üçin gepleşikleriň geçirilmegi boýunça karar kabul etdi.
Eýranyň Daşary ministriniň wekili Ali Bakyri bilen Bahreýiň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid az Zeýýani, paýtagt Tähranda duşuşdy.
Duşuşykdan soň berlen bilelikdäki beýannamada, iki ministriň Tähran bilen Manamanyň arasynda 8 ýyl ozal kesilen diplomatik gatnaşyklaryň gaýtadan başlamagy üçin gepleşikleriň geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.
2016-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda Saud Arabystanynda şaýy din adamy Nimr Al Nimr bilen birlikde 47 adamyň terrora goldaw berýändigi sebäpli asylyp öldürilmeginden soň, Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasy we Maşad şäherindäki konsullugy Eýrandaky protestçylar tarapyndan oda berlipdi.
Başdan geçirlen wakalar sebäpli iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar kesilipdi.
Beýleki arap ýurtlary ýaly Bahreýn hem 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesipdi.
Saud Arabystany 7 ýyl soň 2023-nji ýylyň 10-njy martynda Hytaýyň töwellaçylyk etmeginde Eýran bilen edýän gatnaşyklaryny başladypdy.
Bahreýn hem Saud Arabystany-Eýran gatnaşyklaryna oňyn garaýandyklaryny mälim edipdi.