Eýran bahasy 10,5 müň dollar durýan öz elektromobillerini çykaryp başlady

Eýran bahasy 10,5 müň dollar durýan öz elektromobillerini çykaryp başlady

Eýranyň KSJ Motors kompaniýasy Oxygen ady bilen öz işläp taýýarlan, bahasy 10 müň dollarlyk elektromobillerini tanyşdyrmaga çykardy. Eýranyň söwda palatasynyň saýty: Yzygiderli çykarmaklyga maý aýynda girişiler diýip habar berýär.

Superkompaktly iki gapyly ulag daşky görnüşi boýunça Smart ForTwo bilen juda çalymdaş.Hatda olaryň uzynlygam birdeňräk — takmynan 2,5 metr.Eýran elektrokarynyň içki bölegi, däp bolan adaty görnüşde-de bolsa, ak bilen açyk gök reňkleriň adaty däl sazlaşygynda ýerine ýetirilendir.

Iki adama niýetlenen Oxygen 20-lik elektromotor bilen ýöreýär.Bir gezek zarýad berlenden soň, 220 kilometre çenli aralygy geçýär. Şiraz şäherinde ýerleşen KSJ zawody ilkinji dokuz aýyň dowamynda 1000 sany elektrokar goýbermegi meýilleşdirýär.

Zawod 2024-nji ýylyň martyna çenli doly kuwwatynda işlemäge başlap, ýylda 10 000 ulag goýbermäge başlar diýip çaklanylýar.Eksporta ugratmak boýunça hem meýilnamalar mälim edildi.Ulagyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan Senegalyň ilçisi bu modele öz ýurdunda gyzyklanma bildirilýändigini nygtady.

Eýranlylar öz döreden perzendini dünýäde iň arzan elektromobil diýip agzaýarlar, ýöne bu beýle däl.Hytaýyň Wuling elektrokarlary öz ýurdunda ondan iki esse arzandyr. Şol bir wagtda olar dünýäde iň geçginli ulag hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti 17-nji Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi
Aşgabatda geçirilen forumyň çäginde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi
Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar
Lebabyň we Marynyň dalaşgärleri aşgabatly saýlawçylar bilen duşuşdylar