Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) başlygy Hamid Reza Araki (Hamid Reza Araqi) Tansim neşiri bilen söhbetdeşlikde eýran tarapynyň Türkmenistanyň garşysyna Halkara arbitraž suduna jogap şikaýatynyy iberendigini gürrüň berdi.
Eýran Türkmenistanyň algysynyň tölenmegini talap edip, gyş wagtynda gaz ibermegini kesmeginden şikaýat etdi.
“Türkmengaz” awgust aýynyň ortasynda EMGK-nyň üstünden Halkara arbitraž suduna şikaýat arzasyny berdi.
Bu işe seredilmeginiň iki ýyl wagt almagyna garaşylýar.
Ýatladýarys, 2016-njy ýylyň aýagynda, “Türkmengaz” EMGK-dan $1,8 milliard möçberindäki begisini bermegi talap edeninden soň, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz galmagaly turdy.
Eýram mediasynyň habar bermegine görä, uzaga çeken gepleşiklerden soň taraplar özara ylalaşyga geldiler.Emma muňa garamazdan, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Eýrana gaz ibermegini bes etdi.
Şondan bäri geçen wagt içinde Eýran Türkmenistana Halkara arbitraž suduna şikaýat etmek barada birnäçe gezek haýbat atdy.