Eýran ABŞ-nyň Ysraýyla Berýän Goldawy Sebäpli Derňelmelidigini Beýan Etdi

Eýran ABŞ-nyň Ysraýyla Berýän Goldawy Sebäpli Derňelmelidigini Beýan Etdi

Eýran ABŞ-nyň Ysraýyla eden jenaýatlaryna garamazdan beren goldawynyň hukuky taýdan derňelip bilinjekdigini beýan etdi.

Ysraýylyň Gaza 10 aýdan bäri guraýan hüjümlerinde 40 müň adamyň ýogalandygyny we 100 müňden gowrak adamyň ýaralanandygyny nygtan Kanani; “Ysraýyl tarapyndan 15 müň çaga öldürildi. Muňa garamazdan ABŞ, palestinalylary we söweşjeň toparlary biperwaýlyk bilen “terrorçy” hökmünde atlandyrýar we “terrorçylara” garşy Ysraýyly goramaga ygrarlydygyny beýan edýär” diýdi.

ABŞ-nyň şol “samsyk mantyk” bilen Palestinadaky genosidi maliýe, ýarag we syýasy taýdan goldandygyny beýan eden Kanani; “Ysraýylyň hökümeti, günbatar we esasanda ABŞ-nyň goldawy bilen onlarça ýyldan bäri palestin halky başlangyç adam hukuklaryny yzgiderli hasýetde basgylaýan rasist terrorçy ulgamdyr.

Ol, diňe bir ABŞ üçin hemişelik we ýatdan çykmajak masgaraçylyk däl, şol bir wagtda hukuky derňew potensialyna eýe bolan halkara jogapkärçilikdir” diýip ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Ysraýyl 500 günden bäri Gazada genosid söweşini dowam etdirýär
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Gaza Ýene-de 22 Palestinalynyň Jesedi Tapyldy
Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy