Eýran ABŞ-nyň Güýçlerine Guralan Hüjüm Bilen Arabaglanşygynyň Ýokdugyny Beýan Etdi

Eýran ABŞ-nyň Güýçlerine Guralan Hüjüm Bilen Arabaglanşygynyň Ýokdugyny Beýan Etdi

Eýranyň resmi habarlar gullugy “IRNA” ýurduň BMG-niň ýanyndaky Wekilhanasyndan berilen beýannamany çap etdi.

Beýannamada; “Eýranyň bu hüjüm bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. Çaknyşyk ABŞ-nyň güýçleri bilen sebitdäki söweşjeň güýçleriň aralysyndaky özara ar alyşdyr”diýilýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Iordaniýa-Siriýa serhedindäki harby baza bir taraply uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 3 esgerleriniň ýogalandygyny beýan edipdi. ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi bolsa hüjümde 34 Amerikan esgeriniň ýaralanandygyny habar beripdi.

Iordaniýanyň hökümeti bolsa ABŞ-nyň harby güýçlerine guralan hüjümiň ýurduň çäklerinden däl, eýsem Siriýa serhedindäki Tenef harby abzasyndan guralandygyny beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Kazylaryň Janyna Kast Edildi
Eýranda bir esger 5 gullukdaşyny öldürdi
Eýranyň nebit ministri Türkmenistanda saparda bolýar
Eýran, “Sebitdäki Terror we Içaly Merkezlerini” Nyşana Aldy
Eýran, Ýemene Guralan Howa Hüjümini Ýazgardy
Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy