Eýran ABŞ-nyň Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Meselesine İçgin Çemeleşmeýändigini Beýan Edýär

Eýran ABŞ-nyň Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Meselesine İçgin Çemeleşmeýändigini Beýan Edýär

Daşary işler ministrliginde geçirilen hepdelik metbugat ýygnagynda çykyş eden Kanani, ýurdunyn daşary syýasat boýunça gün-tertibi we sebitleýin meseleler hakynda garaýyş beýan etdi.

Ysraýylyň ýüzlerçe palestin raýatyny öldüren Gazanyň Nusaýrat bosgun düşelgesine guran hüjümini “rehimsiz we wagşy jenaýat” hökmünde häsýetlendiren Kanani; “Amerikan we iňlis güýçleriniň bu operasiýa goşant goşandygy hakynda maglumat war. Ol hem 700-den gowrak bigünä palestinalynyň üçtaraplaýyn operasiýada öldürilendigini aňladýar” diýdi.

ABŞ-nyň Gazada giň-gerimli ylalaşyk üçin hödürlän teklibini analiz eden Kanani; “ABŞ edilen ähli jenaýatlarda sionist ulgamyň ýanynda durdy. Deliller ABŞ-nyň hüjümleriň bes edilmegi meselesine içgin çemeleşýändigini görkezmeýär. ABŞ, meselä içgin çemeleşýän bolsa, ilki bilen sionist ulgamyň ýarag ammaryny doldurmakdan el çekmeli” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 31-nji maýda Ak Tamda eden çykyşynda Ysraýylyň 3 tapgyrdan ybarat teklip hödürländigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Gepleşikleriň Dowam Etjekdigini Beýan Etdi
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Liwanda ýene-de aragatnaşyk enjamlary partlady
Ysraýyl 312 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýylyň goşuny Gaza garşy başladan hüjümlerine 306 gün boldy
Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gaza zolagyndaky gyrgynçylygyny dowam etdirýär