Eýran 7 ýyl soň Birleşen Arap Emirliklerine ilçi belländigini habar berdi.
Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Daşary işler ministrligi, Ryza Amiri Eýranyň Abu Dabidäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde belledi.
Amiriniň ýakynda Abu Daba gidip täze wezipesine başlajakdygy ýatladyldy.
Daşary işler ministrliginiň Daşary ýurtlardaki eýranlylar bölüminiň baş müdüri bolan Ryza Amiri, ozal Eýranyň Alžirdäki, Sudandaky we Eritreýadaky ilçisi wezipelerini ýerine ýetiripdi.
Saud Arabystanda 2016-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda şaýy din adamy Nimr el Nimr bilen birlikde 47 adam “terror” günäkärlemesi bilen asylyp öldürlipdi.
Waka garşylyk görkezen eýranly ýolbaşçylaryň beren beýannamalaryndan soň Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasy bilen Maşad şäherindäki konsullygy eýranly protestçylar tarapyndan oda berlipdi.
Saud Arabystany, Bahreýn, Kuweýt we Sudan başdan geçirlen wakalar sebäpli Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes edipdi.
BAE bolsa gatnaşyklaryny geňeşçi ilçi derejesinde dowam etdirip, Tährandaky ilçisi Şoh Muhammed Ubeýd As Zeabini ýurduna yzyna çagyrypdy.
Iki ýurduň arasynda geçirlen gepleşiklerden syň 2026-njy ýylda yzyna çagyrlan BAE-nyň Tährandaky ilçisi Şoh Muhammed Ubeýd As Zeabini 7 ýyl soň 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda ozalky wezipesini dowam etdirmek üçin Eýrana gidipdi.